Volkswagen Russiýada awtoulaglarynyň önümçiligini bes edýändigini mälim etdi

  • 04.03.2022 09:46
  • 10k+

Volkswagen Russiýa Federasiýasynda awtoulaglarynyň önümçiligini bes edýändigini resmi taýdan tassyklady diýip, Interfax habar berýär. Ukrainanyň çägindäki harby hereketler bilen bagly Kalugada (zawod OOO "Folkswagen grup Rus") we VW-niň şertnama esasynda gurnamak usuly bilen Skoda ulaglaryny öndürýän ýeri bolan Nižniý Nowgorodda awtoulaglaryň önümçiligi togtadylýar diýip, kompaniýanyň Twittere beren habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, şol habarda awtoulaglaryň RF-na eksport edilmeginiň hem togtadylandygy barada aýdylýar.

"Russiýada zyýan çeken ähli işgärler Volkswagen tarapyndan berilýän gysga möhletleýin iş-kömek pullaryny alarlar" diýip, kompaniýa öz habarynda goşýar. 

OOO "Folkswagen grup Rus" Russiýanyň bazarynda konserniň ýedi kysymynyň: Volkswagen Ýeňil awtoulaglaryň,  Volkswagen Kommersiýa awtoulaglaryň, Skodanyň, Audiniň, Lamborghininiň, Bentleýiň we Ducatiniň işini birleşdirýär.
Ýewropa biznesi assosiýasiýasynyň (AEБ) maglumatlaryna görä, 2021 ýylda RF-da VW-niň satuwy 197 972 awtoulaga barabar bolupdyr, bazaryň paýy - 11,9%.
VW-niň russiýaly golçur kompaniýasynyň saýtynyň maglumatlaryna görä, konserniň Kalugadaky zawodynda geçen ýyl 118 müň awtoulag, Nižniý Nowgorodyň önümçilik meýdançasynda bolsa 52,3 müň awtoulag goýberilipdir. VW-niň GDA ýurtlaryna geçen ýylky eksporty 11,5 müň ulagdan ybarat bolupdyr.
Şeýle-de, 2021 ýylda VW-niň Russiýadaky zawodynda 96,1 müň hereketlendiriji öndürilip, şolaryň 7,8 müň sanysy dünýäniň önümçilik meýdançalaryna, şol sanda Polşa, Ispaniýa we Hindistana eksport edilipdir.  


şu gün 16:05
1.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.6k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......