Azerbaýjan Ýewropa gaz ibermegini artdyrar

Azerbaýjan Ýewropa gaz ibermegini artdyrar

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa gaz ibermegini 9,1 mlrd kub metre çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Trend-iň habar bermegine görä, “Asia Times” neşirine Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Orhan Zeýnalow aýtdy.

“2021-nji ýylda biz Ýewropa 8,2 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdik. Şu ýyl biz eksporty 9,1 mlrd kub metre ýetirmegi meýilleşdirýäris. 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Ýewropa ýurtlaryna 11 mlrd kub metr tebigy gaz ibermegine garaşylýar” – diýip, Zeýnalow aýtdy. 

Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden näçe köp elektrik energiýasy öndürilse, ýurt şonça-da köp gaz eksport edip biler.
Departamentiň başlygy Azerbaýjanyň 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň energiýa balansyndaky paýyny 30 göterime ýetirmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. 
Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Azerbaýjanyň gazy “Günorta gaz geçelgesiniň” üsti bilen Ýewropa iberilip başlandy. Azerbaýjan taryhda ilkinji gezek turba geçirijiler arkaly özüniň tebigy gazyny Ýewropa bazaryna eksport etdi. Dünýäde tebigy gazy iň uly import ediji bolan Ýewropa bazaryna göni girmek bilen Azerbaýjan özüniň eksport mümkinçiliklerini giňeltdi.