Ahally saýlawçylar öz welaýatyndan hödürlenen dalaşgäriň maksatnamasy bilen tanyşdylar

  • 01.03.2022 22:36
  • 3.1k+

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde günüň ikinji ýarymynda Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýew ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony jogapkär we zähmetsöýer adam hökmünde häsiýetlendirdi. Şunda M.Öwezgeldiýewiň ýokary hünär derejesine we şahsy häsiýetlere eýe bolmak bilen bir hatarda, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandygy hem bellenildi.

Soňra saýlawçylaryň öňünde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär çykyş etdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilendigi nygtaldy.


şu gün 11:28
335

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......