Hytaý Ilon Maskyň kosmos gämisine meňzeş raketanyň üstünde işläp başlady

  • 27.02.2022 10:27
  • 6.2k+

Hytaý köp gezeklik Starship transport ulgamyna meňzeş bolan yzyna gaýtarylýan iki basgançakly raketanyň üstünde işleýär. Ilon Maskyň raketa-göterijisiniň “ekiz taýy” 20 tonna çenli peýdaly ýüki göterip bilýär diýip, “Space News” habar berdi. Muny Lenta.ru salgylanyp, Day.Az ýetirýär.

Täze ulgamyň taslamasy Hytaýyň Raketa tehnikasynyň gözleg institutynyň prezidenti Wan Sýaoszýun tarapyndan hödürlendi. Birinji basgançak dikligine gonar, ikinji basgançak bolsa dik gonuş üçin ganatlary ulanar.     

“Biz suwuk metanda we kislorodda işleýän dolandyrylýan uçuryş ulgamy ugrunda gözleg işlerini geçirýäris” – diýip, 17-nji fewralda Pekinde geçirilen Ýer orbitasynda dolandyrylýan kosmos uçuşlary ugrunda perspektiwalar we hyzmatdaşlyk boýunça halkara simpoziumynda aýtdy.  

Wan hytaý raketasynyň Ýeriň pes orbitasyna 20 tonna çenli peýdaly ýüki eltip biljekdigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, SpaceX raketasy bortuna 100 tonna çenli agramy alyp bilýär. Materialda şeýle tapawudyň hytaý raketasynyň gazogenerator hereketlendirijisi bilen baglanyşyklydygy bellenilýär. 


düýn 23:18
442

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....