Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebi halkara olimpiadalary geçirer

  • 26.02.2022 17:47
  • 10k+

Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalar geçiriler. Bular barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde türkmen Liderine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen:

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň ikinji açyk halkara matematika olimpiadasyny,
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny,
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasyny

geçirmek meýilleşdirilýär. Halkara olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......