Prezidentlige dalaşgär M.Ödeşow daşoguzlylary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

  • 25.02.2022 09:27
  • 5.9k+

24-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow bilen duşuşygy geçirildi.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşiginiň başlygy A.Amangeldiýew bu ýere ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly, şahsy we iş häsiýetleri bilen tanyşdyrdy. Şunda onuň syýasy sowatlylygy hem-de başlangyçlar bilen çykyş edýändigi, başarjaňlygy, partiýa işinde we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda toplan tejribesi bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär iň ýokary we jogapkärli wezipä hödürlenendigi üçin hoşallyk bildirip, üstüne ýüklenilýän jogapkärçilige doly düşünýändigini nygtady hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Döwletimiziň baş maksady her bir raýat baradaky aladadan ybaratdyr, şoňa görä-de, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň esasy ugurlary türkmenistanlylaryň abadançylygyna hem-de hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, M.Ödeşow nygtady.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......