Dalaşgär Berdimämmet Gurbanow daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

Dalaşgär Berdimämmet Gurbanow daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

24-nji fewralda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirow bu ýere ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony işbaşarjaň, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy, oňat guramaçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra çykyş eden B.Gurbanow ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Dalaşgär Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmäge, ähli babatda halkymyzyň mynasyp durmuşyny döretmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etmegi maksat edinýär.