Google kompaniýasy esasy şriftini täzeledi

  • 24.02.2022 08:07
  • 5.3k+

Google kompaniýasy Roboto firma şriftini täzeden işledi. Bu barada The Verge habar berýär. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, täzelenen dizaýn Sans Roboto-nyň şol bir dik proporsiýalaryny özünde saklady, bu wersiýalary şrift kertikleri bilen we olarsyz garyşdyryp ulanmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň bu ädimi minimalistik dizaýnlaryň agdyklyk etmeginden soň kertikli retro-stilindäki şrtiftleriň ýene meşhur bolmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Täze şrift harplaryň has düşnükli formada bolmagy netijesinde okamak üçin has amatly.  
Häzirlikçe şrift Roboto maşgalasynyň ýene bir görnüşi hökmünde diňe Google Fonts-da hödürlendi, ýöne geljekde kompaniýa ony hususy marketinginde ulanyp biler. 
Google kompaniýasy Roboto-ny eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri ulanýar. Ilkinji gezek ol adaty şrift hökmünde Android 4.0 operasion sistemasy bilen hödürlendi.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......