NASA Aýa gijeki gonuş üçin bäsleşik yglan etdi

NASA Aýa gijeki gonuş üçin bäsleşik yglan etdi

NASA Aýa gijeki gonuş ulgamyny döretmek boýunça bäsleşige başlady. Bu barada NASA TechLeap taslamasynyň saýty habar berýär. Muny “Gazeta.ru” salgylanyp, Trend ýetirýär.

Nighttime Precision Landing Challenge No. 1 adyny alan synagyň netijesinde agentlik üç ýeňijä baýrak tölemegi, ýagny her birine 650 müň dollardan bermegi meýilleşdirýär. Bäsleşige gatnaşyjylar azyndan 250 metr belentlikden howpy kesgitlemäge we bu maglumatlary uçuş wagtynda işlemäge ukyply sensorlary döretmeli bolarlar. Sensorlar radaryň, lidaryň (lazer “radar”) esasynda döredilip bilner ýa-da garaňkylykda ýeriň 3D-kartalaryny döretmäge mümkinçilik berýän başga tehnologiýa ulanylyp bilner.

Hasaba alyş 5-nji maýa çenli tamamlanmaly, doly arzalary bolsa 19-njy maýa çenli tabşyrmaly. NASA bu tehnologiýanyň Aýy öwrenmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamada ulanyljakdygyny belleýär. Onuň düzümine kiçiräk hususy kosmos enjamlarynyň gonuşlary we Artemis missiýasy girýär. Bu missiýanyň dowamynda amerikanlar Aýda bolup, ol ýerde uzak möhletleýin bazalary gurmagy meýilleşdirýärler.

Gijeki gonuş tehnologiýasy NASA üçin zerur bolup durýar, sebäbi Aýyň polýuslarynda baky tümlük zolaklary, Gün tarapyndan hiç wagt şöhle barmaýan kraterler bar. Şeýle kraterlerde suw buzy köp bolup biler we bu resursy ulanmak üçin mümkin boldugyndan ýakynrak gonmak amatly bolýar.