Prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 22.02.2022 08:37
  • 28k+

21-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşmak üçin bu ýere welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýygnandylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebiň mugallymy T.Aramedowa bu ýere ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň geçen zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi. Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýyny has-da belende götermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, dalaşgär ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, gadymyýetde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Daşoguz welaýatyna, köp sanly meşhur şahsyýetleriň ýaşap geçen, hasyllylygy we rysgal-berekedi, ekerançylarynyň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan bu sebite hem uly üns bermegi maksat edinýär.

Saýlawçylar bilen söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir meselelerini anyklaşdyrdy.


20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

11.06.2026 13:44
3.8k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......