22-nji fewralda Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

22-nji fewralda Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 22-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarda +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 755 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 763 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Balkanabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 762 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Tejen şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 745 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Baýramaly şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 742 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Kerki şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 737 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 5 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +11... +16° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 754 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Köneürgenç şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 756 mm, çyglylygy 60 — 80%.