Moskwada «Generium» kompaniýasynyň burun sanjymynyň kliniki synaglary başlandy

Moskwada «Generium» kompaniýasynyň burun sanjymynyň kliniki synaglary başlandy

Moskwada “Generium” kompaniýasy tarapyndan döredilen koronawirusa garşy burun sanjymynyň kliniki synaglary başlandy. Bu barada mos.ru portaly habar berýär. Bu synaglara 600-den gowrak adamy gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. 

“Bu sanjym bar bolan maddalaryň düzümi boýunça myşsa içine goýbermek üçin niýetlenen “Sputnik V” sanjymyna meňzeşdir. Mundan öň saglyk öýlerimiziň bazasynda N.F.Gamalei adyndaky Epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň milli gözleg merkeziniň burun sanjymyny öwrenmek işi başlady” – diýip, Moskwa häkiminiň sosial ösüş meseleleri boýunça orunbasary Anastasiýa Rakowa aýdýar.

Hünärmenler koronawirus ýokanjyna garşy burun sanjymynyň howpsuzlygyny we täsirliligini öwrenip başlarlar. Iki topara bölünen gatnaşyjylara myşsa içine sanjym sanjylar we derman serişdesi burna goýberiler.

Bir toparda pürküji hökmünde synagdan geçirilýän sanjym bolar, sançma hökmünde bolsa plasebo ulanylar. Beýleki toparda pürküji hökmünde plasebo ulanylar, sançma arkaly bolsa “Sputnik V” goýberiler. Meýletinçiler 365 gün lukman gözegçiliginde bolarlar.

Ähli meýletinçiler lukmançylyk barlagyndan geçerler. Şol bir wagtyň özünde islendik sagdyn raýat (18-den 60 ýaşa çenli) synaglara goşulyp biler.