NASA-nyň astrofiziki barlaghanasy ilkinji ylmy maglumatlary Ýere iberdi

  • 20.02.2022 13:00
  • 6.7k+

Geçen ýylyň dekabr aýynda orbita uçurylan NASA-nyň kiçi astrofiziki barlaghanasy Imaging X-ray Polarimetry Explorer (IXPE) ilkinji gözleg maglumatlaryny Ýere iberdi diýip, ABŞ-nyň kosmos edarasy habar berdi.

“2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda uçurylan Imaging X-ray Polarimetry Explorer (IXPE) bir aý dowam eden ulanylyşa girizme prosesinden soň ilkinji suratlary iberdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda obserwatoriýanyň ähli gurallarynyň kadaly işleýändigi bellenilýär.

“IXPE ilkibaşda özüniň rentgen görejini 17-nji asyrda ýarylan ýyldyzyň galyndylaryndan emele gelen obýekt Kassiopeýa A gönükdirdi. Partlama tolkuny töweregindäki gaz bulutlaryny ýokary temperatura çenli gyzdyryp arassalady, kosmos şöhleleriniň bölejikleriniň hereketini çaltlandyrdy we rentgen şöhlesiniň täsirinde şöhlelenýän buludy emele getirdi” – diýip, edara belleýär. 

Alymlar tarapyndan IXPE-niň kömegi bilen ulanmagy meýilleşdirilýän esasy gözleg usuly polýarizasiýadyr. Bu kosmosdaky hereketi boýunça rentgen şöhleleriniň ugruna syn etmegiň bir usulydyr. Ýagtylygyň polýarizasiýasy ýagtylygyň nireden gelendigine düşünmäge kömek edýär. Şeýle-de, barlaghananyň gurallary energiýany, giňişlikdäki nokada ýetmegiň wagtyny we kosmos obýektleri tarapyndan goýberilýän rentgen şöhleleriniň ýerleşýän ýerini ölçeýär.

1999-njy ýylda Kassiopeýa A astronomlar tarapyndan öwrenilipdi, şonda Chandra kosmiki rentgen obserwatoriýasy taryhda ilkinji gezek täze galyndynyň ortasynda gara deşik ýa-da neýtron ýyldyz bolup biljek obýektiň bardygyny anyklady.

NASA-nyň habaryna görä, IXPE missiýasynyň wezipesi rentgen şöhleleriniň çeşmelerini yzarlamakdan ybarat. Alnan maglumatlar astronomlara neýtron ýyldyzlaryň, gara deşikleriň, kwazarlaryň, pulsarlaryň we beýleki astronomik jisimleriň tebigatyna gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Missiýa işjeň galaktika ýadrolaryny hem öwrener.

Agramy 320 kg bolan kosmos obýektinde polýarizirlenen rentgen şöhlelenmelerini ölçemek üçin üç teleskop oturdyldy. Ol uçurylandan 33 minut soň 600 km belentlikdäki ekwatorial orbita çykaryldy.

Hemranyň hyzmat ediş möhleti iki ýyl. NASA tarapyndan Italiýanyň kosmos agentligi (ASI) bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň bahasy 188 mln dollar bilen bahalandyrylýar. 


12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 14:59
837

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 15:59
1.9k+

NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler

NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi......

09.05.2026 11:01
5.4k+

ABŞ uçýan näbelli obýektler (UNO) baradaky resminamalaryň gizlinligini aýryp başlady

Pentagon näbelli anomal hadysalara degişli faýllary çap edip başlady....