Türkmenistanyň Prezidentligine Balkandan we Lebapdan dalaşgärler bellige alyndy

  • 20.02.2022 02:25
  • 32k+

19-njy fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ýurduň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta-hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak çäresi boldy.

Lebap we Balkan welaýatlaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Saýlawçylaryň öz işlerine ýokary baha berendikleri we saýlawlarda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ynam bildirendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dalaşgärler mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň we Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda ýadawsyz tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......