Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar

  • 18.02.2022 13:22
  • 4.5k+

Alfa Romeo-nyň ilkinji doly derejeli elektrik modeli 2024-nji ýylda çykar. Bu Brennero atly kiçijik krossower bolar diýip, italýan markasynyň başlygy Žan-Filipp Imparato salgylanyp, Automotive News Europe neşiri ýazýar. Ol haryt hatarynda ýakynda hödürlenen Tonale-den bir basgançak aşakda ýerleşer.

Brennero STLA Small platformasynda gurnalar. Bu platforma PSA fransuz topary Stellantis birleşigine girmänkä, CMP hökmünde bellidi. Batareýa wersiýasyndan daşary täze awtoulag ýangyç görnüşini hem alar. Bu “Alfanyň” önümçiligi Polşadaky zawodda generasiýa üýtgedilende STLA Small platformasyna geçiriljek geljekki Jeep Renegade we Fiat 500X bilen ugurdaş ýola goýlar. 

2025-nji ýylda Alfa Romeo-da içerki ýangyç hereketlendirijili meňzeşi bolmadyk ilkinji elektromobil peýda bolar. Şondan soň brendiň täze önümleriniň ählisi doly elektrik bolar, 2027-nji ýyla çenli bolsa kompaniýa içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglary önümçilikden aýrar.


12.12.2024 08:50
3.8k+

Tesla Model Q-niň bahasy 20 000 dollardan arzan bolar: önümçilik geljek ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilýär

Tesla geljek ýylyň birinji ýarymynda täze Model Q elektromobilini öndürmek baradaky meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Bu awtoulag kompaniýanyň täze platformasynda gurlar we Model 3-üň ykjam wersiýasy bolar...

09.12.2024 23:54
4.4k+

Xiaomi SU7 Ultra 1545 at güýji bilen iň tiz tapgyrlaýyn elektrokar bolar

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlar bazasynda Xiaomi SU7 Ultra modeliniň ilkinji janly suratlary we giňişleýin maglumatlar peýda boldy. Beýana görä, model dört gapyly iň tiz tapgyrlaýyn...

06.12.2024 20:58
3.2k+

Hytaý dünýäniň elektromobil bazarynda paýyny 76%-e çenli artdyrdy

Hytaýyň Ýeňil awtomobiller assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýy aralygynda elektromobil satuwy 14,1 mln birlige ýetdi we şolardan 69%-i Hytaýyň paýyna düşdi. Oktýabr aýynda...

06.12.2024 15:21
5.4k+

Tesla-dan rekord: hiç bir kompaniýa şular ýaly gysga möhletde şeýle gymmatlamandy

Tesla dünýä bazarlarynda kapitalizasiýasyny rekord tizlik bilen ýokarlandyryp, dünýäde iň çalt ösýän kompaniýalaryň birine öwrüldi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ol 38,1% gymmatlap, 1,1 trln dollara ýetdi diýip...