BMG häzirki maýlamany soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplaýar

  • 16.02.2022 15:17
  • 10k+

Häzirki günde syn edilýän global ýylama soňky 200 müň ýylda iň güýçlüsi hasaplanýar. Bu barada Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) Baş sekretary Petteri Taalas TASS-yň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde aýtdy diýip, Trend habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, soňky 100 ýylyň wakalary özboluşlydyr. “Biz planetanyň gazylyp alynýan baýlyklaryny – nebiti we gazy ulanyp başladyk, bu hem atmosfera goýberilýän kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň köpelmegine getirdi, bular, öz gezeginde, atmosferanyň aşaky gatlaklarynyň temperaturasyny ýokarlandyrýan bug gazlarydyr. Şeýle güýçli ýylama eýýäm 200 müň ýyl bäri bolanokdy. Kömür, nebit we gaz ýokary derejede ýakylmadyk halatynda bu hadysanyň bolup bilmejekdigine bolsa örän takyk ylmy subutnamalar bar” – diýip, Taalas düşündirdi.


düýn 10:25
3.9k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

27.06.2025 20:25
14k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...

16.06.2025 14:19
7.2k+

2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy...

02.06.2025 08:09
4.8k+

Buzluklaryň möçberi 50 ýylda 9 trillion tonna azaldy

1975-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçilikleriň dowamynda, buzluklaryň umumy möçberi 9 trillion tonnadan hem köp azaldy. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekili Kler Nullis Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi...