«Taliban» hereketiniň wekilleri Ženewa gelip dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendiler

«Taliban» hereketiniň wekilleri Ženewa gelip dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendiler

“Taliban” hereketiniň wekilleriniň wekiliýeti Ženewa gelip, dünýä jemgyýetçiligini Owganystanyň ilatyna kömek bermäge çagyrdy. Hökümete degişli bolmadyk Geneva Call guramasynyň saýtynda ýerleşdirilen beýannamada ol ýurtda ynsanperwerlik işlerine ýardam etmäge we gumanitar guramalaryň işgärleriniň goragyny üpjün etmäge razydygyny aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

Dokuz punktdan ybarat resminamada talibler tarapyndan Saglygy goraýyş ministri hökmünde bellenilen Kalandar Ibadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet halkara jemgyýetçiligine “ynsanperwer guramalaryna goldawyň syýasy däl, bitarap we garaşsyz görnüşde berilmegi üçin hiç hili tapawut goýmazdan goldaw bermäge” çagyryş bilen ýüzlendi. Owganystanly wekiller kömek bermek meselesini çözmekde “aç-açan özara gatnaşygy” goldadylar. Olar serhetleri açyk saklamagyň zerurlygyny bellediler we talibleriň kömek ýüklerini bermek üçin “howpsuz geçelgeleri döretmek” boýunça tagallalaryna ýardam berilmegine garaşýandyklaryny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, owgan wekiliýeti Owganystanda ynsanperwer işlerine ýardam bermäge, “ynsanperwer işgärleriň we kömek ýükleriniň goragyny üpjün etmäge” razydygyny aýtdy. Mundan başga-da, ol “lukmançylyk edaralarynyň, transportyň we işgärleriň, şol sanda aýal işgärleriň doly hormatlanmagyna we goragyna” ýardam etmäge, şeýle-de minasyzlandyryşda hyzmatdaşlyk etmäge, ähli owganystanlylary, şol sanda olar tarapyndan bilim alynmagyna ýardam etmek arkaly goramaga borçlandy. Wekiliýetiň beýleki borçnamalarynyň hatarynda Geneva Call guramasy bilen özara gatnaşygy dowam etdirmek, ynsanperwerlik kadalaryna hormat goýmak, daşky gurşawy we medeni mirasy goramak bar.