«Taliban» hereketiniň wekilleri Ženewa gelip dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendiler

  • 16.02.2022 14:58
  • 32k+

“Taliban” hereketiniň wekilleriniň wekiliýeti Ženewa gelip, dünýä jemgyýetçiligini Owganystanyň ilatyna kömek bermäge çagyrdy. Hökümete degişli bolmadyk Geneva Call guramasynyň saýtynda ýerleşdirilen beýannamada ol ýurtda ynsanperwerlik işlerine ýardam etmäge we gumanitar guramalaryň işgärleriniň goragyny üpjün etmäge razydygyny aýtdy. Muny TASS ýetirýär.

Dokuz punktdan ybarat resminamada talibler tarapyndan Saglygy goraýyş ministri hökmünde bellenilen Kalandar Ibadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet halkara jemgyýetçiligine “ynsanperwer guramalaryna goldawyň syýasy däl, bitarap we garaşsyz görnüşde berilmegi üçin hiç hili tapawut goýmazdan goldaw bermäge” çagyryş bilen ýüzlendi. Owganystanly wekiller kömek bermek meselesini çözmekde “aç-açan özara gatnaşygy” goldadylar. Olar serhetleri açyk saklamagyň zerurlygyny bellediler we talibleriň kömek ýüklerini bermek üçin “howpsuz geçelgeleri döretmek” boýunça tagallalaryna ýardam berilmegine garaşýandyklaryny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, owgan wekiliýeti Owganystanda ynsanperwer işlerine ýardam bermäge, “ynsanperwer işgärleriň we kömek ýükleriniň goragyny üpjün etmäge” razydygyny aýtdy. Mundan başga-da, ol “lukmançylyk edaralarynyň, transportyň we işgärleriň, şol sanda aýal işgärleriň doly hormatlanmagyna we goragyna” ýardam etmäge, şeýle-de minasyzlandyryşda hyzmatdaşlyk etmäge, ähli owganystanlylary, şol sanda olar tarapyndan bilim alynmagyna ýardam etmek arkaly goramaga borçlandy. Wekiliýetiň beýleki borçnamalarynyň hatarynda Geneva Call guramasy bilen özara gatnaşygy dowam etdirmek, ynsanperwerlik kadalaryna hormat goýmak, daşky gurşawy we medeni mirasy goramak bar. 


13.11.2025 23:00
2.1k+

Türkmenistan Owganystan boýunça ÝB-Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

12-nji noýabrda Brýussel şäherinde Owganystan boýunça Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow, sebit ýurtlarynyň wekilleri we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar...

07.11.2025 15:32
17k+

Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy

6-njy noýabrda Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy...

06.11.2025 12:38
6.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar

5-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratmak barada bellenip geçildi...

05.11.2025 12:16
14k+

Türkmenistan Owganystana duýgudaşlyk bildirdi we ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy

Türkmenistan Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýertitremesi bilen baglanyşykly Owganystana duýgudaşlyk bildirdi. Bu barada 4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir bilen duşuşygynda aýtdy...