“EpiWakKorono-N” sanjymy üçin üç gezek sanjym shemasy peýda boldy

“EpiWakKorono-N” sanjymy üçin üç gezek sanjym shemasy peýda boldy

Koronawirusa garşy “EpiWakKorono-N” sanjymy üçin üç gezek sanjym shemasy peýda boldy, üçünji sanjymy ikinjiden iki aý geçensoň almak bolýar diýip, Izwestiýa gazeti habar berýär.

“Dozalara bölme tertibi – shema boýunça üç gezek sanjym: birinji sanjym bellenilen günde 0,5 ml, ikinji sanjym 14-21 gün soň 0,5 ml, üçünji sanjym ikinji sanjymdan iki aý soň 0,5 ml” – diýlip, görkezmäniň tekstinde aýdylýar.

Mundan öň, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň 3-60 ýaşdan uly meýletinçileriň gatnaşmagynda sanjymyň kliniki synaglaryny geçirmäge, şeýle-de derman serişdesini bir gezek goşmaça ulanmak mümkinçiligini barlamaga rugsat berendigi belli boldy.