“Türkiýäniň talyp haklary” maksatnamasy boýunça arzalary kabul edişlik dowam edýär

“Türkiýäniň talyp haklary” maksatnamasy boýunça arzalary kabul edişlik dowam edýär

Türkiýäniň hökümet maksatnamasynyň çäginde 2022-nji ýylda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin arzalar kabul edilýär. Kabul edişlik 2022-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder. Turkiye Burslari (“Türkiýäniň talyp haklary”) stipendial maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýän daşary ýurtlular tabşyryp bilýärler.

Maksatnamanyň çäklerinde bakalawriata, magistratura we doktorantura girmek bolýar.
“Türkiýäniň talyp haky” diňe bir talyplary aýlyk talyp haklary bilen üpjün etmän, eýsem talyplary ÝOM-ine kabul edýän maksatnamadyr. Aýlyk talyp hakyndan daşary bir gezeklik uçar petegi, uniwersitet tölegi, umumy saglyk ätiýaçlandyryşy, umumy ýaşaýyş jaýy, şeýle-de türk dili okuwy bilen üpjün edilýär.