Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyrylmady

  • 15.01.2022 22:45
  • 13k+

Ekwador bilen Paragwaýa garşy Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlyk görmek we gatnaşmak üçin Braziliýanyň milli ýygyndysyna çagyrylan oýunçylaryň sanawy yglan edildi. Çagyrylan oýunçylaryň içinde "PSŽ-niň" hüjümçisi Neýmar ýok diýip, bobsoccer.ru habar berýär.

Derwezebanlar: Alisson ("Liwerpul"), Ederson ("Mançester Siti") we Wewerton ("Palmeiras");
Ganat goragçylar: Daniel Alwes ("Barselona"), Emerson Roýal ("Tottenham"), Aleks Sandro ("Ýuwentus") we Aleks Telles ("Mançester Ýunaýted");
Goragçylar: Eder Militao ("Real"), Gabriel Magalýaýns (Arsenal), Markinýos (PSŽ) we Tiago Silwa (Çelsi);
Ýarymgoragçylar: Bruno Gimaraýnş ("Lion"), Kazemiro ("Real"), Fabinýo (*Liwerpul"), Fred ("Mançester Ýunaýted"), Žerson ("Marsel"), Ewerton Ribeýro ("Flamengo"), Lukas Paketa ("Lion"), Felipe Koutinýo ("Aston Willa");
Hüjümçiler: Antoni ("Aýaks"), Winisius ("Real"), Rodrigo ("Real"), Gabriel Žesus ("Mançester Siti"), Mateus Kunýa ("Atletiko"), Rafinýa ("Lids") we Gabriel Barboza ("Flamengo").


düýn 23:43
1k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:16
1.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.6k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 15:01
5.5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....