Döwlet daşary ykdysady iş banky 3 sany gämini gurmak boýunça ylalaşyklary baglaşar

  • 15.01.2022 10:45
  • 8.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan «Ro-Ro» görnüşli bir sany gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalaryň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşar hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.

Mundan başga-da, Döwlet daşary ykdysady iş banky «Ro-Ro» görnüşli bir sany gämini gurmak boýunça taslamanyň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy — Karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşar hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.

Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, bu resminama Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň öňünde goýlan dürli kysymly gämileri gurmak wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.


şu gün 11:32
1k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......