Ilkinji iPhone 15 ýaşady

  • 10.01.2022 23:50
  • 10k+

15 ýyl mundan ozal - 2007-nji ýylyň ýanwarynda Apple-iň esaslandyryjysy we şol wagtky baş direktory Stiw Jobs Macworld Expo sergisinde kompaniýanyň ilkinji smartfonyny - iPhone-ny tanyşdyrypdy.

Apple iPhone 2G diýlip atlandyrylan bu smartfon Samsung kompaniýasynyň S3C6400 ýeke ýadroly ARM prosessoryna esaslandy. Onuň takt ýygylygy 620 MGs, LPDDR1 operatiw ýady 128 MB bolup, içki gory 4-den 8 Gb-a çenlidi.

Apple ilkinji gezek smartfonda Multi Touch funksiýasyny (birbada iki gezek galtaşyp bilmek) goldaýan sygymly sensorly ekrany ulanan ilkinji kompaniýa boldy. Ekran galtaşyga has duýgur edilipdi we agyr basmany talap etmeýärdi, interfeýs bolsa bir barmak bilen dolandyrmak üçin optimallaşdyrylandy. Ekranyň diagonaly 3,5 dýuým, ölçegi 320 × 480 pikseldi.

Smartfon iPhoneOS 1 operasiýa ulgamynda işledi. Onda diňe iTunes, Senenama, Habarlar, Suratlar, Kamera, YouTube, Stocks (Yahoo! Finance), Kartalar, Howa, Sagat, Kalkulýator, Bellikler, Sazlamalar bardy.


23.11.2025 20:58
4.1k+

iPhone Air-iň baş dizaýneri Apple-den gitdi

Senagat dizaýneri Abidur Çoudhuri Apple kompaniýasyndan gitdi. Ol kompaniýanyň iň soňky modelleriniň biri bolan iPhone Air-iň esasy işläp düzüjisi bolupdy diýip, 9to5mac çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Çoudhuri emeli aň tehnologiýalarynyň üstünde işleýän bir startapa (ýa-da başlangyja) işe girdi...

23.11.2025 00:06
1.7k+

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlaryny hödürledi

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlarynyň sanawyny düzdi. Reýtingde birinji orny Ledi Gaganyň 7-nji martda çykan Mayhem albomyndan Abracadabra aýdymy eýeledi. “Gürrüňsiz, 2025-nji ýyl Ledi Gaganyň ýyly boldy...

21.11.2025 12:09
1k+

Apple 2025-nji ýylyň App Store Awards baýragynyň finalçylaryny yglan etdi

Apple kompaniýasy App Store Awards ýyllyk baýragynyň finalçylarynyň sanawyny yglan etdi. Oňa kompaniýanyň dürli enjamlary üçin iň gowy programmalar we oýunlar gatnaşýar. Şu ýyl App Store-yň redaksion topary 45 programma önümini saýlady...

19.11.2025 12:16
1.3k+

Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?

Apple iOS 26.2-iň ikinji beta görnüşini çykardy. Onda iPhone ulanyjylary üçin birnäçe ownuk, ýöne möhüm täzelenmeler bar. Bulara has köp interfeýs sazlama opsiýalary, gowulaşan animasiýalar we täze howpsuzlyk funksiýalary girýär diýip, MacRumors ýazýar...