CES 2022 sergisinde ilkinji türk elektrikli awtoulagy tanyşdyryldy

CES 2022 sergisinde ilkinji türk elektrikli awtoulagy tanyşdyryldy

Las Wegasdaky CES 2022 - dünýädäki iň uly elektronika sergisinde ilkinji türk elektrikli ulagy görkezildi. Bu barada www.aa.com.tr habar berdi.

Türk Awtoulaglary Başlangyç Toparynyň (TOGG) ýolbaşçylary ilkinji türk elektrikli ulagynyň konsepsiýasynyň intellektual we senagat eýeçiligi 100 göterim Türkiýä degişli bolan dünýä markasyny döretmek maksady bilen çykarylandygyny aýtdy.

“Biz özümizi tehnologiýa kompaniýasy hökmünde görkezýäris. Iň täze täzelikleriň we iň täze tehnologiýalaryň sergisi bolan CES-e hem hut şonuň üçin ganaşýarys. Biz Gündogar bilen Günbataryň duşuşýan geografiki sebitinde hereket edýän tehnologiýa kompaniýasydyrys" - diýip, TOGG-yň ýerine ýetiriji müdiri Gürjan Karakaş aýdýar.

CES 2022 elektronika sergisi 5-7-nji ýanwar aralygynda Las Wegasda dowam eder.