Dünýäde koronawirusa garşy tas 9 mlrd sanjym dozasy ulanyldy

Dünýäde koronawirusa garşy tas 9 mlrd sanjym dozasy ulanyldy

Şu güne çenli 184 döwletde COVID-19-a garşy 8,95 milliarddan gowrak sanjym edildi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Adamzat taryhynda iň uly sanjym kampaniýasy dowam edýär: jemi 8,95 milliarddan gowrak doza ulanyldy. Bu her 100 adama 116 dozadyr. Ortaça sanjym depgini häzirki wagtda günde 43,4 mln doza deň. Eger bu saklansa, planetanyň 75% ýaşaýjysynyň sanjymyň, iň bolmanda, bir dozasyny almagyna ýene bäş aý gerek bolar” – diýip, agentlik belleýär.

Ol, hünärmenleriň pikiriçe, durmuşyň kadaly ýagdaýa gelmegi üçin ilatyň, takmynan, 75%-ine sanjym etmelidigini belleýär. Eýýäm 38 ýurtda ýaşaýjylaryň 75%-i azyndan bir sanjym dozasyny aldy.  

Agentligiň hasaplamasy boýunça, Hytaýda 2,7 mlrd sanjym edildi: ýaşaýjylaryň 88,6%-i, iň bolmanda, bir dozany aldy, 85,2%-i bu işi tamamlady. ABŞ-da ýaşaýjylaryň 61,7%-i, Fransiýada 79,6%-i, GFR-de 70,9%-i, Beýik Britaniýada 70,7%-i doly sanjym aldy. Kongo Demokratik Respublikasynda bu görkeziji – 0,1%, Çadda – 0,5%, Gaitide – 0,6%, Ýemende – 1,2%. Russiýada 143,69 mln sanjym edildi, ilatyň 44,4%-i doly sanjym aldy.

Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, koronawirus pandemiýasy başlany bäri dünýäde 279,55 mln adam keselledi, 5,4 mln adam ýogaldy. Bu görkezijiler boýunça birinji orunda ABŞ durýar: degişlilikde, 52 mln we 816,5 müň.