Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady

Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady

Asly awstriýaly bolan amerikaly kinoaktýor, Kaliforniýa ştatynyň öňki gubernatory respublikan Arnold Şwarsenegger Roždestwonyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň öýsüz weteranlaryna kömek edýän Village for Vets täjirçilik däl guramasyna 250 müň dollar berdi. Bu barada Fox LA amerikan teleýaýlymy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, bu pula 25 sany kiçiräk jaý satyn alyndy we olarda elektrik togy geçirildi, ýyladyş ulgamlary we kondisionerler oturdyldy. Olaryň käbirinde ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň öňki öýsüz weteranlary eýýäm ornaşdy.

“Men maňa ähli zady beren ýurda bir zatlar berip bilýändigime begenýärin” – diýip, Şwarsenegger Fox LA teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Şwarsenegger 1947-nji ýylda Awstriýanyň Gras şäheriniň golaýyndaky Tal obasynda dünýä inýär. 21 ýaşynda ABŞ-a göçýär we ilki bodibildingde, soň kinoda üstünlikli karýerany ýola goýýar. Oňa “Konan-warwar”, “Terminator” (The Terminator, 1984), “Kommandos” (Commando, 1985), “Ýyrtyjy” (Predator, 1987), “Ähli zady ýadyňa salmak” (Total Recall, 1990) filmlerindäki keşpler dünýä meşhurlygyny getirýär. Şwarsenegger 2003-nji ýylyň noýabr aýyndan 2011-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli Kaliforniýa ştatynyň gubernatory boldy.