25-nji dekabr: Türkmenistanda howanyň derejesi görnetin pese gaçýar

25-nji dekabr: Türkmenistanda howanyň derejesi görnetin pese gaçýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 25-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +2... +4° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +3... +8°, kenarýaka etraplarynda 0... +5° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +1... +3°, basyşy 764 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Awazada: howa +2... +4°, basyşy 765 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Balkanabat şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 766 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine -1° sowukdan +4° çenli, günorta-gündogar etraplarynda +7° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 744 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Tejen şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 747 mm, çyglylygy 75 — 95%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +3... +8° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 745 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 743 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine 0... +5°, günorta etraplarynda +11° çenli maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Kerki şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ýollar sürçek bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2... -7° , gündizine 0... -5° sowuk bolar.
Daşoguz şäherinde: howa 0...-2°, basyşy 761 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Köneürgenç şäherinde: howa -2... -4°, basyşy 765 mm, çyglylygy 75 — 95%.