ABŞ-da ilatyň köpelişiniň taryhda iň pes depgini hasaba alyndy

  • 23.12.2021 19:45
  • 3.9k+

Amerikan häkimiýetleri ABŞ-nyň taryhynda ilat sanynyň köpelişiniň iň pes depginini hasaba aldylar, migrasiýa köpelişi bolsa ilkinji gezek tebigy köpelişden ýokary boldy. Bu barada ABŞ-nyň hökümetiniň Ilat ýazuwy býurosynyň hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onuň hasaplamalaryna görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň sany senenama ýylynda, takmynan, 392 665 san ýa-da 0,1% artdy (2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda). “Haýal ösüş depginini arassa halkara migrasiýasynyň peselmegi, çaga dogluşynyň azalmagy we COVID-19 pandemiýasy sebäpli ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen düşündirip bolar” – diýip, býuro belleýär.

Döwlet guramasynda ilatyň köpelişiniň 148 043 adama ýeten tebigy köpelişiň (doglanlaryň sanynyň aradan çykanlaryň sanyndan köp bolmagy) we 244 622 adama barabar bolan arassa halkara migrasiýasynyň hasabyna bolandygy bilen düşündirilýär. Býuro ilatyň migrasiýa köpelişiniň ilkinji gezek tebigy köpelişden ýokary bolandygyny hem belleýär.

“2020-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda 33 ştatda ilatyň köpelişi hasaba alyndy, 17 ştatda we Kolumbiýa okrugynda ilat azaldy, olaryň 11-sinde azalma 10 müňden gowrak adama barabar boldy. Bu bir ýylda ilatyny ýitiren ştatlaryň sanynyň örän köp bolmagydyr” – diýlip, hasabatda bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde býuro Tehasda ilatyň hasam köpelendigini habar berýär.

Häzirki wagtda ABŞ-da, takmynan, 332 mln adam ýaşaýar.


30.06.2025 19:40
13k+

Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder...

30.06.2025 17:17
11k+

Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi

27-nji iýunda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäheriniň merkezinde dikuçardan dollar seçildi. «Fox 2 Detroit» teleýaýlymynyň habaryna görä, waka günortan şäheriň iň gatnawly çatryklarynyň birinde bolup geçipdir...

27.06.2025 17:11
2.2k+

Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi

Kaliforniýanyň (ABŞ) Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 25-nji iýunda awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri emeli aňy türgenleşdirmek üçin peýdalanmak bilen baglanyşykly kazyýet işinde Meta Platforms kompaniýasynyň peýdasyna çözgüt kabul etdi...

17.06.2025 17:31
11k+

Trampyň maşgalasy 499 dollara “altyn” smartfon çykarar we aragatnaşyk operatoryny işe girizer

Trump Organization holdingi Trump Mobile aragatnaşyk operatorynyň işe girizilýändigini we “kaşaň altyn görnüşde” T1 smartfonynyň çykarylýandygyny habar berdi. Bu barada The Verge belleýär. Aragatnaşyk operatory...