Berdimuhamedow Raşid Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 23.12.2021 09:59
  • 13k+

22-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady hem-de degişli resminamalara gol çekdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna gulluk iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň geçirilendigini aýtdy. Onuň çäklerinde garalan esasy meseleler barada habar berip, wise-premýer «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň guramaçylyk-gurluş binýadyny ösdürmek mümkinçilikleriniň üstünde durup geçdi. Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklary özünde jemleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-hindi hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-hindi pudagara iş toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky başlangyçlar beýan edildi.

Wise-premýer Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşandygy barada hem hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Pakistan tarapy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we baýlaşdyrmak maksady bilen, Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek bilen bagly başlangyçlar beýan edildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......