TikTok iýmit eltip berme hyzmatyny ýola goýar

  • 19.12.2021 19:45
  • 3.2k+

Bloomberg TikTok-yň ABŞ-da iýmit eltip berme hyzmatyny ýola goýmakçy bolýandygyny mälim etdi. Sosial ulgam tagamlary isleglere laýyklykda getirer diýip, msn.com ýazdy.

Bu eltip berme hyzmaty TikTok Kitchen diýlip atlandyrylar. Ony 2022-nji ýylyň mart aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Taslama üçin TikTok Virtual Dining Concepts kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder.
TikTok ABŞ-da birinji tapgyrda 300 sany, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa 1000-den gowrak aşhana açar. Menýuda programmanyň iň meşhur tagam taýýarlaýyş usullary ýerleşdiriler. Mysal üçin, fetaly bişirilen pasta, peýnirli makarondan edilen çipsler, gamburgerler we parmesanly mekgejöwen taýajyklary. Tagamlaryň bahalarynyň Virtual Dining Concept-iň beýleki brendleriniňkiden arzan boljakdygy aýdylýar.
Şeýle hem TikTok restoran girdejilerini reseptiň awtorlary bilen paýlaşjakdygyny aýtdy.

şu gün 12:19
1.1k+

ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi

ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy...

şu gün 11:06
866

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...

şu gün 11:02
1k+

Pikassonyň "Aýalyň kellesi" atly kartinasy haýyr-sahawat lotereýasynda oýnalar

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde "100 ýewro bir Pikasso" (1 Picasso for 100 Euros) atly halkara haýyr-sahawat çäresi geçiriler diýip, Hypebeast neşiri habar berýär. Çäräniň baş baýragy — Pablo Pikassonyň 1941-nji ýylda döreden "Aýalyň kellesi" ("Tête de femme") atly eseri bolar...

şu gün 10:58
1.3k+

Režissýor Jeýms Kemeron dollar milliarderine öwrüldi

Forbes neşiri amerikaly režissýor Jeýms Kemerony resmi taýdan milliarder hökmünde ykrar etdi we onuň şahsy baýlygyny 1,1 milliard dollar möçberinde hasaplady. 1980-nji ýyllarda "Terminator" we "Gelmişekler" (Aliens) filmleri bilen karýerasyna başlan Kemeronyň döreden eserleri dünýäniň kassa ýygymynda jemi 9 milliard dollar toplady...