«Inter» 1950-nji ýyldan bäri A Seriýada bir ýylda 100 gol geçiren ilkinji topar boldy

  • 19.12.2021 09:36
  • 4.6k+

«Inter» Italiýanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda myhmançylykda "Salernitanany" derbi-dagyn etdi. Oýnuň netijesinde, ol 1950-nji ýyldan bäri A Seriýada bir ýylda 100 gol geçiren ilkinji topar boldy. Bu barada rsport.ria.ru habar berdi.

Oýun myhmanlaryň peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Iwan Perisiç (11-nji minut), Denzel Dýumfris (33), Aleksis Sançes (52), Lautaro Martines (77) we Roberto Galýardini (87) tora girizdi.
Ýarym goragçy Hakan Çalhanoglu iki gezek gol pasyny berip, möwsümdäki asistleriniň sanyny ýedä ýetirdi we bu babatda topardaşy hem-de ýaryşyň lideri Nikola Barella bilen deňleşdi.
“Inter” häzirki wagtda 43 utuk bilen birinji orunda barýar. "Salernitana" sekiz utuk bilen soňky setirde. "Salernitana" yzly-yzyna sekiz oýunda ýeňiş gazanyp bilmedi. “Inter” bolsa bassyr alty duşuşykda ýeňiş gazandy.


düýn 23:43
1k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:16
1.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.6k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

17.04.2026 15:01
5.5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....