Figaro: на церемонию открытия Олимпиады-2024 в Париже допустят 600 тыс. зрителей

  • 17.12.2021 17:33
  • 3.8k+

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny gurnaýjylar 600 müň tomaşaçy açylyş dabarasynyň janly şaýady bolup biler diýip hasaplaýarlar. Bu barada “Le Figaro” gazeti habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

1 milliarda golaý adam dabaranyň teletomaşaçysy bolup biler diýip, neşir belleýär.

Gazetiň habar bermegine görä, dabaranyň esasy geçiriljek ýeri Sena derýasy bolar. Materialda 600 müň tomaşaçynyň üç sagatdan gowrak dowam etjek dabara gatnaşyp biljekdigi bellenilýär. Derýanyň iki tarapy boýunça ýokarky kenarlaryň barmak üçin mugt bolmagyna garaşylýar. Aşaky kenarlarda wagtlaýyn münberler gurnalar. Ýöne petekleriň bahasy heniz kesgitlenmedi.

“Le Figaronyň” maglumatlary boýunça, dabara şäheriň merkezindäki iň meşhur binalar gatnaşar. Adaty ýörişe gatnaşýan türgenler Austerlis köprüsinden Eýfel diňiniň sebitinde ýerleşýän Ýena köprüsine çenli derýa bilen, takmynan, 6 km geçjek 160 gaýykda ýerleşerler. Şol ýerden 10 müň töweregi türgen Trokadero meýdançasyna ugrar, ol ýerde çykyşlar we Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy meýilleşdirilýär.

Pariždäki Olimpiada 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler. Fransiýanyň paýtagty ýaryşlary üçünji gezek kabul eder. Mundan öň, Parižde oýunlar 1900-nji we 1924-nji ýyllarda geçirildi. 


06.05.2026 23:46
1.8k+

Душанбе примет World Judo Masters – один из главных турниров по дзюдо

Международная федерация дзюдо объявила, что турнир World Judo Masters пройдет в Душанбе с 18 по 20 декабря 2026 года....

06.05.2026 22:54
1.7k+

СМИ: МОК приостановил работу комитета по киберспорту

Международный олимпийский комитет (МОК) приостановил деятельность специализированного комитета по киберспорту. Об этом сообщает японское издание Livedoor....

18.04.2026 12:16
2.5k+

Футбольный клуб «Марсель» представил новый логотип 

Французский футбольный клуб «Марсель» представил новый логотип, который будет использоваться с сезона-2026/2027....

02.04.2026 14:36
11k+

ФИФА обновила рейтинг сборных: Франция теперь первая. Что изменилось для Туркменистана?

Международная федерация футбола (ФИФА) обновила рейтинг национальных сборных — второй раз в 2026 году (первое обновление было в январе). Новая версия размещена на официальном сайте организации....