Dubaýyň häkimiýetleri kagyz iş dolandyryjylygyndan ýüz öwürdiler

  • 14.12.2021 19:54
  • 5.9k+

Dubaý hökümeti doly derejede sanly tehnologiýa geçmek bilen, dünýäde ilkinji kagyzsyz ministrler kabineti boldy. Bu barada emirligiň mirasdüşer şazadasy, Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy şeýh Hamdan ben Muhammed ben Raşid Al Maktum aýtdy diýip, emirligiň WAM habarlar agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Şu gün Dubaýda durmuşyň ähli taraplaryny sanlaşdyrmagyň täze tapgyrynyň başlanandygyny aňlatdy. Biz doly derejeli kagyzsyz hökümete geçişi tamamladyk” – diýip, ol aýtdy we mundan beýläk ähli hökümet amallarynyň we ilat hyzmatlarynyň diňe elektron tehnologiýalar arkaly üpjün ediljekdigini aýdyňlaşdyrdy.

Mirasdüşer şazada kagyzsyz hökümet başlangyjynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti we premýer-ministri, Dubaýyň hökümdary şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum tarapyndan dört ýyl mundan ozal öňe sürlendigini ýatlap geçdi. 

Mundan beýläk emirligiň ähli döwlet edaralarynda içerki we daşarky resminama dolanyşygy ýörite informasion platformalar arkaly elektron görnüşinde amala aşyrylar.

Emirligiň häkimiýetleriniň maglumatlary boýunça, bu serwisler arkaly 1,8 müňden gowrak sanly hyzmat hödürlenýär, 10,5 müňden gowrak tranzaksiýa amala aşyrylýar. Dubaýda elektron hökümete geçilmeginiň we resminama dolanyşygynyň sanlylaşdyrylmagynyň 2018-nji ýylda kagyzsyz strategiýa durmuşa geçirilip başlanandan bäri tutuş emirlikde 336 mln kagyz ýapraklaryny tygşytlamaga mümkinçilik berendigini, munuň bolsa 14 mln sagat adam zähmetine we pul ekwiwalentinde 1,3 mlrd dirhama (takmynan, $353,8 mln) barabardygy hasaplanyldy. Kagyz tehnologiýasyndan ýüz öwürmeklik ähli pudaklara – ýaşaýyş jaý-kommunal hojalygyna, polisiýa, häkimlige, kazyýete, saglygy goraýyş ulgamyna, dini, medeni we sport edaralaryna, howa menzillerine, şeýle-de bu başlangyja goşulan söwda we täjirçilik gurluşlaryna degişli boldy.


02.02.2026 12:53
1.3k+

Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi

San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada ​"Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. ​Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär...

01.02.2026 16:31
5k+

Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar

Dubaýda Emirligi ösdürmegiň «20 minutlyk şäher» konsepsiýasynyň we ýene-de iki sany strategik başlangyjynyň amala aşyrylmagy tassyklanyldy. «Dubai10X» maksatnamasynyň çägindäki degişli taslamalary Dubaýyň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Goranmak ministri şeýh Hamdan ben Mohammed Al Maktum makullady...

23.01.2026 20:46
8.8k+

Dubaýda ýagty saçýan gökdirän gurlar

Dubaýda Inaura gökdiräniň taslamasy tanyşdyryldy. Şäheriň täsin binalary öň ýetik hem bolsa, täze bina olardan özboluşly aýratynlygy – ýokarky gatlarynyň arasyndaky ýagty saçýan sferasy bilen tapawutlanar. Bu teklip MVRDV binagärlik firmasy tarapyndan işlenip düzüldi...

21.01.2026 10:07
2.7k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...