14-nji dekabr: Türkmenistanyň çäginde üýtgäp durýan howa bolar

14-nji dekabr: Türkmenistanyň çäginde üýtgäp durýan howa bolar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 14-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny okyjylara ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 5 — 7 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +2... +4° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm. Çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +5... +10°, kenarýaka etraplarynda +2... +7° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 764 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +4... +6°, basyşy 772 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 773 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +1... +6° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 751 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 757 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +1... +6° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 753 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Baýramaly şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 752 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +1... +6° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +2... +4°, basyşy 757 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Kerki şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 752 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2... -7° sowuk, gündizine 0... +5° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +2... +4°, basyşy 769 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Köneürgenç şäherinde: howa +1... +3°, basyşy 771 mm, çyglylygy 60 — 80%.