Türki dünýäde Magtymgulynyň 300 ýyllygy giňden baýram ediler

Türki dünýäde Magtymgulynyň 300 ýyllygy giňden baýram ediler

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak, işewür we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ulag we logistika, energetika, ekologiýa, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Jenap Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň aýdan gymmatly teklipleri Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariatynda göz öňünde tutulýar we olary durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde tagalla ediler. Şunuň bilen baglylykda, geljek üç ýylyň dowamynda tutuş türki dünýäde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllyk baýramyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde guramanyň Sekretariaty degişli maksatnamanyň üstünde işleýär. Onda köp sanly çäreler, hususan-da, halkara ähmiýetli maslahatlar, dürli neşirleriň çap edilmegi, ylmy barlaglar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymgulynyň ýadygärligini oturtmak, uly şäherleriň köçelerine beýik şahyryň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guramanyň Sekretariaty bu ugurda has giň möçberde iş alyp barar.