Instagram 13 ýaşa ýetmedik çagalar üçin sosial ulgama girişi ýapar

  • 11.12.2021 23:43
  • 3.6k+

Instagram-yň başlygy Adam Mosseri 13 ýaşa ýetmedik ähli çagalar üçin sosial ulgama girişi ýapjakdygyny mälim etdi. Bu barada vse42.ru habar berdi.

Adam Mosseri bu maglumaty ABŞ-nyň Kongresinde beren görkezmesinde mälim etdi. Ol bu ýere Sosial ulgamyň çagalaryň psihikasyna ýaramaz täsiriniň bardygyny görkezmek üçin çagyryldy diýip, çeşme belleýär.

"Biz 13 ýaşa çenli çagalaryň hasaplaryny tapmaga we pozmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýany, täze algoritmleri işläp taýýarlaýarys" - diýip, Instagram sosial ulgamynyň başlygy aýtdy.

REN teleýaýlymynyň žurnalistleri bu goşundyda ene-ata gözegçiligi funksiýasynyň hem boljakdygyny nygtadylar. Şeýle hem uly ýaşly ulanyjylaryň sosial ulgamdaky kämillik ýaşyna ýetmediklere habarnama iberip bilmejekdikleri bellendi.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
929

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....