Raşid Meredow BMG-niň Ilat gaznasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

  • 11.12.2021 23:39
  • 2.6k+

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktorynyň wezipelerini ýerine ýetiriji Juliýa Walezeniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Bu ugurda, 2021-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen ýurt boýunça dördünji maksatnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeliligi hem nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ilat gaznasynyň eneligiň howpsuzlygynyň, reproduktiw saglygyň goraglylygynyň, gender ösüşiniň ilerledilmegi ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan hereketlere işjeň gatnaşmagy bu ulgamlarda ähmiýetli ösüşleriň gazanylmagyna itergi berdi.

Öz nobatynda J.Waleze nobatdaky halkara forumyň sebit hem-de halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, onuň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen her ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekiljekdigini aýtdy.


düýn 20:14
842

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......