Berdimuhamedow Şweýsariýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

  • 11.12.2021 23:23
  • 2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Inýasio Kassise Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

 Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Hökümetde sagçy merkez “Erkin demokratik partiýa. Liberallara” wekilçilik edýän, Şweýsariýanyň daşary işler ministri Inýasio Kassis 2022-nji ýyl üçin ýurduň prezidenti saýlandy. Ol daşary syýasy edaranyň başlygy bolmak bilen, prezident ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirer. Şweýsariýada prezident wezipesini ýedi ministrden ybarat bolan Federal geňeşiň (hökümet) agzalary nobat boýunça eýeleýärler. Ýurtda prezident döwlet Baştutany däldir: bu Federal geňeşiň hususy ygtyýarlygy. Prezident hökümet mejlislerinde başlyklyk edýär, sesler deň bolan ýagdaýynda onuň pikiri aýgytlaýjy bolýar. Şeýle-de, ol Şweýsariýa iş sapary bilen gelýän daşary ýurtlaryň baştutanlaryny kabul edýär.


03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......