12-nji dekabrdaky dynç güni 13-nji dekabra geçirildi

  • 11.12.2021 01:22
  • 11k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisinde Halkara Bitaraplyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakyndaky resminama gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç gününi 13-nji dekabra duşenbe gününe geçirmek bellenildi.


düýn 22:59
331

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
12k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......