«Loki» People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleserial diýlip saýlandy

  • 10.12.2021 18:14
  • 5.3k+

Marvel-iň “Loki” serialy People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleýaýlym taslamasy diýlip ykrar edildi. Ýeňijileriň sanawy film baýraklarynyň web sahypasynda çap edildi. Bu barada kulturomania.ru habar berdi.

Ýylyň iň gowy drama serialy diýlip "Duýgynyň anatomiýasy", iň gowy komediýa serialy diýlip bolsa "Men hiç haçan..." seriallary ykrar edildi.
Tom Hiddleston “Loki” teleserialyndaky roly üçin iň gowy aktýoryň baýragyny aldy. Aktýorlar Dueýn Jonson we Skarlett Ýohansson hem baýraga mynasyp boldular. Ýylyň filmi "Gara dul", ýylyň iň gowy komediýa filmi bolsa Raýan Reýnoldsly “Baş gahryman” filmi boldy. Iň oňat drama diýlip, Emma Stounly “Kruella” saýlandy. “Şang-Çi we on halka rowaýaty” iň oňat ekşn-film diýlip ykrar edildi.

16.04.2026 22:53
1.5k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
5.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....