Dreýk «Gremmi» baýraklaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi

  • 09.12.2021 09:04
  • 3.7k+

Dreýk tahallusy bilen tanalýan kanadaly repçi Obri Dreýk Greham "Gremmi" aýdym-saz baýraklaryna dalaşgärleriň sanawyndan öz adynyň aýrylmagyny sorap, Milli sungat we grammofon ýazgy tehnikasy akademiýasyna ýüz tutdy. Bu barada akademiýanyň wekiline salgylanyp, Variety žurnaly habar berdi.

Žurnalyň ýazmagyna görä, aýdymçy “Certified Lover Boy” aýdymy üçin “Iň gowy rep albomy” ugry boýunça, şeýle hem “Way 2 Sexy” aýdymy üçin “Iň gowy rep ýerine ýetirijiligi” ugry boýunça dalaşgärleriň arasyndady. Baýragyň web sahypasynda görkezilen maglumatlara görä, Milli akademiýa onuň adyny eýýäm dalaşgärleriň sanawyndan aýyrdy. Repçiniň wekilleri bu barada maglumat bermekden saklandylar. Muňa onuň baýragyň guramaçylary bilen jedelli gatnaşyklary sebäp boldy diýip, Variety žurnaly belleýär.

Ýatlap geçsek, 64-nji "Gremmi" baýraklarynyň gowşurylyşy 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Los-Anjelesde geçiriler. Onda dalaşgärler jemi 85 ugur boýunça bäsleşerler.

düýn 16:58
4.1k+

Casio "MRGB2000JS1A" sagady üçin deslapky sargytlary alyp başlady. Olar bary-ýogy 110 nusgada çykar

Casio kompaniýasy ABŞ-da "MRGB2000JS1A" premium sagatlary üçin deslapky sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. G-Shock seriýasynyň bu modeli ýapon ussalary Teruhira Kamiýama we Nomura Mamoru bilen...

16.12.2024 06:55
3.1k+

Dizaýner Mettýu Blazi Chanel-iň döredijilik müdiri bolar

Chanel moda öýi fransiýa-belgiýaly dizaýner Mettýu Blazini täze döredijilik müdiri wezipesine belledi. Bu barada Women’s Wear Daily žurnaly habar berdi. Mundan öň Blazi Bottega Veneta brendine ýolbaşçylyk edipdi...

11.12.2024 11:13
2.7k+

The Rolling Stones rok topary “erkinligiň we pitneçiligiň ysy” gelýän ilkinji atyryny çykardy

Britaniýanyň The Rolling Stones rok topary özüniň ilkinji RS No.9 atyryny hödürledi. Bu müşk ady rowaýata öwrülen toparyň aýdym-saz mirasyndan we 1960-njy ýyllaryň ruhundan ylham alýar diýip, Buro24 / 7 habar berýär...

08.12.2024 11:10
3.5k+

Spotify-da iň köp diňlenýän aýdymçy Teýlor Swift boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl Spotify aýdym-saz platformasynda 2024-nji ýylyň iň meşhur aýdymçysy boldy. Onuň aýdymlary 26,6 mlrd gezek diňlenildi diýlip, akym hyzmatynyň saýtynda habar berilýär...