Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna gatnaşyjylaryň aglabasy belli boldy

  • 08.12.2021 17:10
  • 10k+

8-nji dekabra geçilýän gije Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ilkinji jemleýji duşuşyklary geçirildi. «Mançester Siti» myhmançylykda «Leýpsigden» ýeňildi (1:2), «Real» «Interi» utdy (2:0), «Milan» «Liwerpuldan» ýeňildi (1:2) we ýewrokuboklardan gaýtdy, «Portu» bolsa «Atletikadan» ýeňildi (1:3).

«Liwerpul» toparlaýyn tapgyryň ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlap, Çempionlar ligasynyň taryhynda bu tapgyrda şu netijäni görkezen ilkinji iňlis kluby boldy.
Bu tapgyrdan soň, Çempionlar ligasynyň pleý-of tapgyrynyň 12 sany gatnaşyjysy mälim boldy. Olar: «Mançester Siti», «PSŽ», «Liwerpul», «Atletiko», «Aýaks», «Sporting», «Real», «Inter», «Bawariýa», «Mançester Ýunaýted», «Çelsi» we «Ýuwentus».
«Portu», «Şerif», «Borussiýa» Dortmund we RB«Leýpsig» Ýewropa Ligasynda çykyş ederler.

Duşuşyklaryň netijeleri:
А topar
PSŽ — Brýugge — 4:1 (Mbappe, 2, 7. Messi, 38, 76, pen. — Rits, 68).
Leýpsig — Mançester Siti — 2:1 (Sobosloi, 24, Andre Silwa, 71 — Mahrez, 76).

В topar
Milan — Liwerpul — 1:2 (Tomori, 29 — Salah, 36. Origi, 55)
Portu — Atletiko — 1:3 (Serjiu Oliweýra, 90+5, pen. — Grizmann, 56. Korrea, 90. De Paul, 90+3)

С topar
Aýaks — Sporting L — 4:2 (Aller, 8, pen. Antoni, 42. Neres, 58. Berghaýs, 62 — Nunu Santuş, 22. Tabata, 78).
Borussiýa D — Beşiktaş — 5:0 (Malen, 29. Roýs, 45+2, pen, 53. Holann, 68, 81).

D topar
Şahtýor — Şerif — 1:1 (Fernandu, 42 — Nikolow, 90+3).
Real — Inter — 2:0 (Kroos, 17. Asensio, 79).

Toparlaýyn tapgyrynyň galan duşuşyklary 9-njy noýabra  geçilýän gije oýnalar.
Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri 13-nji dekabrda UEFA-nyň Nýondaky ştab-kwartirasynda çekiler. 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 15-16-njy we 22-23-nji fewralda geçiriler. Jogap oýunlary 8-9-njy we 15-16-njy martda geçiriler.


şu gün 16:35
1.1k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

şu gün 10:38
1.9k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

düýn 23:00
2.4k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
3.6k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....