«Garri Potteriň» ýörite bölüminiň tizeri çykdy

  • 06.12.2021 23:47
  • 6.1k+

HBO Max akym hyzmaty “Garri Potteriň 20 ýyllygy: Hogwartsa dolanyş” (Harry Potter 20th Anniversary: Return to Hogwarts) atly ýörite bölümiň treýlerini çykardy. Bu bölümde franşizanyň aktýorlary duşuşarlar. Onuň premýerasy 1-nji ýanwara meýilleşdirilýär. Bu barada TASS habar berýär.

Wideoda Metýu Lýuis (Newill Dolgopups), Robbi Koltreýn (Hagrid) we Mark Uilýams (Artur Uizli) Hogwartsdan hat alýar.
Mundan başga-da, bölümde Deniel Redkliffiň, Rupert Grintiň, Emma Uotsonyň, Helena Bonem Karteriň, Reýf Faýnsyň, Jeýson Aýzeksiň, Geri Oldmanyň, Tom Feltonyň, Ewanna Linçiň hem-de beýlekileriň peýda boljakdygy anons edildi.
Mundan öň, “Variety” aýratyn bölümiň “düýbünden täze mazmunly interwýular we aktýorlar bilen söhbetdeşlikler arkaly “Garri Potteriň” döredilişiniň jadyly taryhy barada gürrüň berjekdigini” habar berdi. Aýratyn bölüm franşizanyň ilkinji filminiň – “Garri Potter we jadygöýüň daşynyň” 20 ýyllygyna bagyşlanýar. 

düýn 17:04
1.8k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....