Toyota 2035-nji ýyla çenli ÝB-de içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobilleriň satuwyny bes eder

  • 06.12.2021 21:20
  • 11k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor korporasiýasy 2035-nji ýyldan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda diňe uglerod zyňyndylaryny öndürmeýän awtomobilleri satmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, Regnum habarlar agentligi belleýär. 

Dünýäniň iň uly awtoöndürijisi ÝB ýurtlarynda ulag serişdelerine bildirilýän ekologiýa talaplarynyň güýçlenmegi sebäpli içerki ýangyç hereketlendirijili modellerden ýüz öwürmek boýunça meýilnamalaryny üýtgetdi. Toyota 2030-njy ýyla çenli ÝB-de awtoulag satuwynyň ýarysynyň elektromobilleriň we wodorod ýangyç elementlerinde işleýän modelleriň paýyna düşmegini göz öňünde tutýar. 2035-nji ýyla çenli kompaniýa bu sebite içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglaryň iberilmeginden doly ýüz öwürmegi meýilleşdirýär.

Bu meýilnamalar Toyota-nyň ozalky maksatnamalaryna garanyňda, içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobillerden ýüz öwürmegi berk talap edýär. Öň, kompaniýa Prius modeli ýaly gibrid awtomobilleriň üpjünçiligini uzak wagtlap saklamaga synanyşypdy.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobilleri ibermegi bes etmek barada şeýle beýannama bilen beýleki öňdebaryjy awtomobil kompaniýalary hem çykyş etdi. Volkswagen 2033-nji ýyldan 2035-nji ýyla çenli, Ford Motor bolsa 2030-njy ýyla çenli şeýle awtomobilleri Ýewropa Bileleşigine ibermekden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. 


şu gün 08:13
1.5k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

düýn 14:47
4.3k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.7k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....