SpaceX 50 sany hemrany orbita uçurdy

  • 06.12.2021 21:18
  • 3.5k+

SpaceX özüniň Starlink tory we 2 sany BlackSky mikroshemasy üçin 48 sany kiçi hemrany orbita üstünlikli çykardy. Bu SpaceX-iň web sahypasynda alnyp görkezildi diýip, TASS habar berdi.

Kanaweral burnundaky (Florida) kosmos portundan Falcon 9 göteriji raketasynyň uçurylyşy ABŞ-nyň Gündogar kenarkaýa wagty bilen 18:12-de (3-nji dekabrda Aşgabat wagty 04:12) amala aşyryldy. Bir sagatdan soň gysga aralyk bilen iki sany BlackSky emeli hemrasy orbita uçuryldy, ýarym sagat soň bolsa Starlink hemralary onuň yzyna eýerdiler.

Uçurylandan, takmynan, dokuz minut soň, uçuş ulagynyň birinji basgançagy awtomatiki usulda Atlantik ummanyndaky ýüzýän platforma gondy. Falcon 9-yň bu elementi ozal hem birnäçe hemrany uçurmakda ulanylypdy.

Belläp geçsek, Starlink tory agramy 260 kg bolan köp sanly enjamyň ýerleşdirilmegi arkaly internete girmegi üpjün etmek üçin döredildi.  SpaceX jemi 11 müň hemrany uçurmak we işe girizmek üçin 10 milliard dollar sarp ediler diýip çaklaýar. Kompaniýa 5G standartyna laýyk gelýän sekuntda 1 gigabit tizlikli giň zolakly internedi üpjün edip biljekdigini kepillendirýär. Ýeri gelende bellesek, SpaceX 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri, takmynan, 1,9 müň Starlink hemrasyny orbita uçurdy.


11.03.2026 20:11
9.4k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

05.03.2026 10:49
9.6k+

Barselonada gurluşygy bir asyra çeken ybadathananyň merkezi diňi taýýar boldy

Barselonada düýbi tutulanyna 144 ýyl geçen Sagrada Familiýa ybadathanasynyň merkezi diňiniň gurluşygy tamamlandy. Polatdan we aýnadan ýasalan 17 metrlik dört gyraňly haçyň iň ýokarky böleginiň gurnalmagy netijesinde gurluşygyň soňky tapgyry jemlendi...

27.02.2026 15:03
9k+

Göwün garramaýar... Ýaşy 100-den geçen 17 zenan wideojaň arkaly könäni ýatlaşdylar

Ispaniýanyň Maximiliana startapy 100  we ondan hem uly ýaşly adamlar üçin umumy wideoaragatnaşyk duşuşygyny gurnady. Bu täsin duşuşyga ýurduň her awtonom birleşiginden bir wekil – jemi 17 zenan gatnaşdy. Bu barada RTVE habar berýär...