Berdimuhamedow ýurtdaky gurluşyk işleriniň depginine nägilelik bildirdi

  • 04.12.2021 09:41
  • 15k+

Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň geçen on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hakynda hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň depginleri babatda nägilelik bildirdi we geljek ýyl gurluşyklaryň sanyny has-da köpeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny, şunuň bilen baglylykda, gurluşyk toplumynda gyssagly özgertmeleri geçirmegiň, gurluşyk serişdeleriniň senagat önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmen Lideri täze iş orunlaryny döretmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça-da köp işleri alyp barmagyň, telekeçiler bilen işleri güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar hem-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen gurluşyk we tehnologik kompaniýalardyr şereketleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.


şu gün 12:44
12

Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

5-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

şu gün 12:34
68

Raşid Meredow BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

4-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy...

düýn 16:30
3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly...

düýn 16:27
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...