Fashion Awards 2021 moda baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 03.12.2021 20:56
  • 5k+

Londonda Moda äleminiň iňlis “Oskary” - her ýyl geçirilýän The Fashion Awards 2021 baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada peopletalk.ru habar berdi.

Adat bolşy ýaly, Royal Albert Hall-da geçirilen çäre diňe bir moda ýyldyzlary däl, eýsem aýdym-sazdan başlap, teatr sahnasyna çenli ähli ugurlar boýunça stil nyşanlary hem gatnaşdylar. Şol gün gyzyl halydan ýöränleriň arasynda Dua Lipa, Prýanka Çopra hem-de adamsy Jo Jonas , Aýris Lowe, Keýt Beýkinsel, Jillian Anderson hem bar.
Agşamyň ýeňijisi we Ýylyň dizaýneri Fendi markasynyň kreatiw müdiri Kim Jons boldy. Tommi Hilfiger bolsa moda pudagynyň ösmegine goşan goşandy üçin sylaglandy.
Dabarada Off-White brendini döreden Wirjil Ablonyň hatyrasyna ýörite wideosylagy gowşuryldy.

şu gün 13:07
1.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....