Müsürde Sfinksleriň seýilgähi açyldy

Müsürde Sfinksleriň seýilgähi açyldy

Müsürde köp ýyllyk dikeldiş işlerinden soň Karnak we Luksor ybadathanalarynyň aralygynda uzalyp gidýän gadymy Sfinksleriň seýilgähiniň açylyş dabarasy bellenildi. Bu ýerde daş düşelen ýolda 1200 sany sfinks heýkeli ýerleşýär diýip, euronews.com habar berýär. 

Alymlar 2700 m uzynlygy bolan seýilgähiň, esasan, faraonlaryň 18-nji neberesiniň dolandyran döwründe (takmynan, b.e. öňki XVI asyr) gurlandygyny çaklaýarlar. Birwagtlar ol dabaraly ýörişler üçin ýer bolup hyzmat edipdir. Bu seýilgäh b.e. öňki IV asyrda özüniň gutarnykly keşbine eýe bolýar.

Wagtyň geçmegi bilen heýkelleriň köpüsi ýa-ha zaýalanýar, ýa-da çäge galyňlygynda ýitip gidýär. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda gadymy binagärlik ýadygärlikleri gaýtadan dikeldilip başlandy. Şonda heýkelleriň käbirleri tapyldy we dikeldildi. Uly göwrümli işler 2010-njy ýylda başlandy. 

On bir ýyldan soň, Sfinksleriň seýilgähi ilkibaşdaky taryhy keşbine gaýdyp geldi. Müsüriň häkimiýetleri bu taryhy toplumyň açylmagy ýurda has köp syýahatçyny çeker diýip umyt edýärler.