Huawei täze nesil maýyşgak smartfonunyň önümçiligine başlady

Huawei täze nesil maýyşgak smartfonunyň önümçiligine başlady

Internet çeşmeleri Hytaýyň Huawei telekommunikasion ägirdiniň maýyşgak displeý bilen üpjün edilen täze nesil smartfonunyň köpçülikleýin çykarylmagyny ýola goýandygyny habar berýärler. Muny 3dnews.ru ýetirýär.

Gürrüňi edilýän gurluş söwda bazarynda Mate X3 ady bilen çykyp biler. Görnüşi ýaly, ol özünden öňdäki smartfonlardan kitapça formatyny miras alar. Gürrüňlere görä, esasy maýyşgak ekranyň zonasyna barmak yzlaryny skanerleýji birleşdiriler. Paneliň täzeleniş ýygylygy 90 Gs-den geçip biler.

Internet çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Huawei-niň täze maýyşgak smartfonunyň köpçülikleýin çykarylmagy şu aý başlandy. Bu enjamyň resmi tanyşdyrylyş dabarasynyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli bolup biljekdigini aňladýar. Ýöne gajet satuwa 2022-nji ýylyň birinji çärýeginden ir çykarylmaz.

Şeýle-de, dekabr aýynda Hytaýyň Oppo kompaniýasynyň hem özüniň maýyşgak ekranly smartfonuny anons etmekçidigi bellenilýär. Gürrüňlere görä, displeýiň möçberi diagonaly boýunça 7,8-den 8,0 dýuýma çenli, täzeleniş ýygylygy 120 Gs bolar. Gurluşyň gapdal tarapynda barmak yzlaryny skanerleýjä, 32 mln piksel durulykda selfi kamerasyna, 50 megapiksellik Sony IMX766 datçigine esaslanýan esasy kamera we Snapdragon 888 prosessoryna eýe boljakdygy bellenildi.