ÝUNESKO emeli intellekt gurşawynda ilkinji global etiki ülňüleri kabul etdi

  • 28.11.2021 16:24
  • 2.4k+

ÝUNESKO agza döwletler emeli intellektiň ösüşine degişli bolan taryhda ilkinji global etiki ülňüleri kabul etdiler. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Görkezmeler emeli intellektiň jemgyýete berýän artykmaçlygyny ulanmaga we bu tehnologiýalar bilen  baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga kömek etmek üçin gönükdirilendir” – diýlip, habarda aýdylýar.

ÝUNESKO emeli intellektiň jemgyýetiň öňünde durýan, hususan-da rak keselini bejermekde, açlyga garşy göreşde we mätäç ýurtlara kömek bermegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda çylşyrymly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýändigini belleýär. Şunuň bilen birlikde, bu tehnologiýalar “şahsy durmuşyň syrlary üçin howp” we “köpçülikleýin yzarlaýşy guramak howpy” ýaly “görlüp-eşidilmedik kynçylyklary” döredýär diýlip, metbugat relizinde bellenilýär.

Hususan-da, görkezmeler kompaniýalary we döwletleri şahsy maglumatlary goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga çagyrýar. “Adamlar şahsy maglumatlarynyň ýazgylaryna girmäge we hatda bozmaga mümkinçilik almaly” – diýlip, etiki ülňülerde kesgitlenýär.

Görkezmeleriň ýene bir düzgüni köpçülikleýin yzarlaýşy guramak üçin emeli intellektiň ulanylmagynyň gadagan edilmegine degişlidir.

Şeýle-de, resminamada howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin emeli intellekti işjeň ulanmak çagyryşy bar. Şol bir wagtyň özünde, emeli intellektiň işi daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldir, ýagny gürrüň şeýle ulgamlaryň işinde uglerod yzyny azaltmak we energiýany sarp etmek barada gidýär.


16.05.2026 09:28
5.4k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

14.05.2026 00:03
7.7k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

22.02.2026 15:18
1.5k+

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi...

29.12.2025 16:17
2.2k+

Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy

Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi...